äňetmek

äňetmek
işlik
1) Seretmek, garamak, bakmak, görmek, esetmek.
∙ Oturanlar Hekimiň äňedýän tarapyna bakyp ykjamlandylar. (B. Seýtäkow, Gyz Salgydy)
∙ Ýaňy men äpişgeden äňedip durkam, dessine seni tanadym. (A. Gowşudow, Eserler)
∙ Ol näçe äňetse-de, kimdigini aňşyryp bilmedi. (B. Gurbanow, Duşuşyk)
2) Bir zada gözegçilik etmek, bir zat hakynda alada etmek, agyry etmek, bir zadyň ugruna seretmek, esetmek.
∙ Aýaly kesellä äňetmelidi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
3) Belli bir maksat bilen bakmak, gözden geçirmek, barlap görmek.
4) Bir tarapa bakyp durmak, bir tarapa ýüzlenen bolmak.
∙ Onuň baýra tarap äňedip duran äpişgesi giňden açykdy. («Mydam Taýýar» gazeti)
Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýär goşulmasy goşulanda, t sesi d sesine öwrülýär.
Meselem äňetmek - äňedýär, äňeder, äňedipdir.

Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.

Игры ⚽ Поможем написать курсовую

Поделиться ссылкой на выделенное

Прямая ссылка:
Нажмите правой клавишей мыши и выберите «Копировать ссылку»